Tomusky dynç alşa çykan çagalaryň birinji tapgyry «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alyp başladylar.

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň öňünde mekdep okuwçylarynyň dynç alşa ugradyş dabarasy boldy. Oňa çagalaryň ene-atalary, mugallymlary, ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar we olara gowy dynç almagy arzuw etdiler.

«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi mundan bäş ýyl ozal açylyp, ulanylmaga beripdi. Amyderýanyň ýakynynda ýerleşýän bu merkez bir bada 300 okuwçyny kabul etmäge niýetlenen. Bu ýerde ýatylýan we dynç alynýan otaglar, suwa düşülýän howuzlar, naharhana, aýdym-saz, kompýuter otaglary, sport meýdançasy bar. Dynç alyş döwründe çagalar bilen dürli oýunlar, bäsleşikler geçiriler, welaýat merkezine we onuň töwereklerine gezelençler guralar.

Mundan başga-da, welaýatyň orta mekdepleriniň binýadynda dynç alyş meýdançalarynyň 77-si hereket edýär. Olarda mugallymlar we terbiýeçiler okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň gyzykly we peýdaly geçmekleri üçin dürli çäreleri guraýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: