Hereket — sagdynlygyň gözbaşy. Beden maşklaryny gündelik endige öwürmek işiň has döredijilikli gitmegine oňyn täsirini ýetirýär, adamyň ömrüni uzaldýar, ruhuny beýgeldýär. Bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň beden synalaryny taplaýar, süňklerini, bogunlaryny, myşsalaryny berkidýär. Dem alyş, ýürek-damar, hereket ediş ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýar.
Beden maşklary dem alyş ýollaryna-da gowy täsir edýär. Dem alyş myşsalaryny pugtalandyrýar, olaryň işleýşini kadalaşdyrýar, howa haltajyklarynyň göwrümini artdyrýar. Sporty söýmek, bedenterbiýe bilen meşgullanmak saglygymyzy berkitmekdir.
Sapaly durmuşda sagdyn we bagtyýar ýaşamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli amatlyklary döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmez.
Mehri AŞIROWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.
