BIZE YAZYARLAR

Bagtyýar ýaşaýşyň sakasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösýär, özgerýär, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaç alýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň dürli ýerlerinde gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş, bedenterbiýe-sport desgalarynyň mysalynda aýdyň görmek bolýar.
Jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň saglygyny goramakda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Bagtyýar ýaşaýyş saglykdan gözbaş alýar. Ynsan saglygynyň goralýan ýerinde jemgyýet düýpli özgerýär, uly ösüşler gazanylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeler il saglygy baradaky üns-aladanyň hemmetaraplaýyn ösüşiň gözbaşynda durýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu maksatnamadan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmekde giň gerimli işler alnyp barylýar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, ilatymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan beýik işleri rowaçlyga beslensin!

Dinara ASTANOWA,
Lebap welaýat psihonewrologiýa hassahanasynyň bölüm müdiri.