BIZE YAZYARLAR

Bagtyýar nesilleriň kämil terbiýesi — geljegiň binýady

Çagalyk döwri ynsanyň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde iň möhüm tapgyrlaryň biridir. Çagalar bagy bolsa körpeleriň maşgaladan soňra ilkinji gezek jemgyýetçilik orta aralaşýan, daşky gurşawy öwrenip başlaýan mukaddes mekanydyr. Biz, terbiýeçiler üçin her bir çaganyň dünýägaraýşyny baýlaşdyrmak, olarda watansöýüjilik, agzybirlik we ulylara hormat goýmak ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmek esasy wezipe bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir günümizi körpeleriň gyzyklanmalaryna we olaryň aň-bilim ösüşine laýyk gelýän täsirli oýunlar, gyzykly gürrüňdeşlikler bilen baýlaşdyrmaga çalyşýarys.
Häzirki zaman terbiýeçisiniň işi diňe bir gözegçilik etmekden däl, eýsem her bir çaganyň ukybyny we zehinini ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Okuw-terbiýeçilik işlerinde milli oýunlarymyzdan, ertekilerimizden we nakyllarymyzdan peýdalanmak bilen bir hatarda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini hem giňden ulanýarys. Surat çekmek, aýdym aýtmak we dürli görnüşli bäsleşikleri guramak arkaly çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürýäris. Körpeleriň ýüzündäki ýylgyryş we olaryň täze bilimleri öwrenmäge bolan höwesi biziň çekýän zähmetimize goýulýan iň uly bahadyr.
Biz geljegimiz bolan ýaş nesliň berk bedenli, kämil we bilimli bolup ýetişmegi ugrunda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanýarys. Täze gurulýan döwrebap çagalar baglary, olardaky iň kämil enjamlar we oňaýly şertler işimiziň netijeliligini has-da artdyrýar. Nesilleriň bagtyýar durmuşy, olaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy ugrunda edilýän bu uly aladalar bizi has-da döredijilikli zähmet çekmäge ugrukdyrýar. Bagtyýar nesilleriň kemala gelmegi — ýurdumyzyň ýagty geljeginiň berk binýadydyr.

Gülnara BERDIÝEWA,
Saýat etrabyndaky 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzasy.