BIZE YAZYARLAR

Bagtyýar nesiller

Garaşsyz, Baky Bitarap ýurdumyzda   medeniýet, sungat ulgamy  beýleki ulgamlar bilen deň hatarda beýik özgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze açylyp ulanmaga berilen ençeme çagalar sungat, sazçylyk we çeperçilik sungat mekdepleriniň açylyp ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle bagtly ýaş nesliň hatarynda hem Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň  çagalar sungat mekdebiniň  okuwçylary bilen mugallymlaryda bar. Bu mekdepde  saza bolan söýgüden püre-pür  ynsanlaryň, zehinleriň ençemesi hyzmat çekýär. Mekdebiň açylmagyna bary-ýogy 14 ýyl bolandygyna seretmezden, onuň ýeňişleri we üstünlikleri  sanardan kändir. Sungatyň ojagyna ýaş zehinli sazanda we dirižýor Atajan Berdiýewiň  üstünlikli ýolbaşçylyk etmeginde, mekdepde öz sapaklaryndan daşary çagalar birnäçe döredijilik toparlara hem gatnaşyp, zehinlerini, ukyplaryny has-da artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle üstünlikli we netijeli hereket edýän toparlardan mekdepde  skripkaçylar ansambly, hor topary, halk saz gurallar orkestri  bardyr.

Ýakynda welaýatyň çäginde ýerleşýän ähli sungat we sazçylyk  mekdepleriniň  skripkaçylar toparlarynyň  arasynda çekeleşikli we örän täsir ediji bäsleşik geçirildi. Bäsleşik  “Bagtyýar  nesiller”  ady bilen Lebap  welaýat  medeniýet  müdirligi  tarapyndan  geçirildi.  Bu bäsleşige  beýleki mekdepler  bilen deň hatarda  Çärjew etrabynyň  skripkaçylar  topary  hem   tejribeli  mugallym   Nurulla  Halmyradowyň  we  ýaş zehinli  mugallym  Ýulduz  Muradowanyň  ýolbaşçylyk etmeginde  çylşyrymly  meýilnama  bilen  üstünlikli  çykyş  etmegiň  hötdesinden  gelip,  baýrakly  birinji  oruna   mynasyp  boldular.  Bu  toparyň  ýerine  ýetiren  eserleri  özüniň dürliligi  we  owadanlygy  bilen  tapawutlanýar. Meýilnama : W.Gawrilin Tarantella, B.Hudaýnazarow “Ýaşyl  ýodalar”,  G.Kulyýew ,S.Mämmiýew ” Türkmen  temalaryna  Fantaziýa”  ýaly  eserlerden  ybaratdyr.  Emin  agzalar  tarapyndan   beýik  baha  mynasyp  bolan  bu toparyň  okuwçylarynyň  begençli  we guwançly  duýgulary  dabara  ýygnanyşanlaryň  ählisini  gurşap  aldy.  Bu  topara  üstünlikli  çykyş  etmegine  ýakyndan  ýardam  beren  ezber  sazanda  we  mugallym  Rejepgül  Rozyýewanyň  zähmeti  uludyr.  Şeýle  üstünlikleriň  ýar bolmagyny  bu döredijilik  toparyna  arzuw  edýäris.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň  Çagalar sungat  mekdebiniň

“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň  mugallymy  Roman  Boltenko

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: