Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda yglan edilen sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmek üçin amala aşyrmaly meýilnamanyň esasy maksady ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň kömegi bilen halkyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän nesliň sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek, türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny döretmek ýaly wajyp meselelerden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň ykrar eden sagdyn durmuş ýörelgesi ýurdumyzda çuňňur ornaşýar. Bu işde bagtyýar raýatlarymyza nusgalyk görelde görkezýän mertebesi belent ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek işleri ösüşiň täze basgançaklaryna çykarylýar. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzda gurlan we gurulýan sport mekdepleri, toplumlary, dynç alyş, sagaldyş merkezleri, şeýle-de beýleki desgalar bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bezegine öwrülýär.
Sagdyn durmuş, sagdyn ýaşamak şahsyýete öz mümkinçiliklerini, ylym, medeniýet, bilim, sport ulgamlarynda we durmuşyň ähli ugurlarynda döredijilik ukyplaryny ýokary derejede we hemmetaraplaýyn açmaga şert döredýän berk binýatdyr. Durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetýän, hemmetaraplaýyn ösen, häzirki zaman döwlet geljege ynam bilen garaýan, sagdyn adamlaryň döwletidir.
Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, lukmançylyk edaralaryndan başga-da, şypahana, hem-de sport ulgamyny, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny öz içine alýan döwrebap saglyk düzümini ösdürmek babatda edilýän işleriň ählisi raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletiň gymmatly baýlygy onuň raýatlarynyň saglygydyr.
Ýurdumyzda gurlan döwrebap stadionlardyr sport toplumlarynda türgenleşmäge we uly üstünliklere ýetmäge ähli şertler döredildi. Bu zatlar höwesli çagalara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri açýar. Aşgabat şäheriniň gözelligine gözellik goşýan Olimpiýa şäherçesinde sportuň ähli görnüşi bilen baglanyşykly desgalaryň ençemesi jemlenendir.
Ýurdumyzda sportuň möhüm terbiýeçilik ähmiýeti hem uludyr. Çünki sport watansöýüjiligiň, edermenligiň mekdebidir. Dürli ýaşdaky raýatlarymyza sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilen. Ýaş türgenlerimiz diňe bir Türkmenistan döwletimiziň çäginde däl, eýsem, dünýä derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyşlar edýärler.
Bagtyýar halkymyzyň, ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn ruhda terbiýelenmegi, sport bilen meşgullanmagy, saglygyny dikeltmegi ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
DURDYMYRADOW Orazgeldi,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň
112-nji okuw toparynyň talyby.
