«Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sözleriniň ajaýyp hakykatdygyna her birimiz şaýat. Ösüşlere beslenýän zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiz hakynda ähli taraplaýyn alada edilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga berlen çagalar baglarynda, orta mekdeplerde, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bagtyýar ýaş nesillerimiziň sagdyn, edep-terbiýeli, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilendir.
Täze taryhy eýýamda çagalar baglarynda bilim-terbiýe bermegiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylandygyny, munuň bolsa körpeleriň aň-düşünjelerini ösdürmekde, dünýägaraýyşlaryny giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellemek gerek. Çagalaryň maksada okgunly, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin guralýan ýörite sapaklar hem öz oňyn netijelerini berýär. Olaryň zähmete höwesleriniň, döredijilik ukyplarynyň artmagynda şeýle sapaklaryň ähmiýeti kiçi-girim däldir. Körpeleriň arasynda guraýan dürli oýunlarymyzyň üsti bilen hem olaryň aňynyň, ýatkeşliginiň, dünýägaraýşynyň ösmegini gazanmaga çalyşýarys.
Ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, bilim-terbiýe almagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir.
Zülfiýa RASULOWA,
Farap etrabynyň 11-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

