Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Biz, başlangyç synp mugallymlary, şol mümkinçilikleriň netijesinde okuwçylarymyza diňe bir sowat öwretmek bilen çäklenmän, olarda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleri hem terbiýelemäge uly üns berýäris. Mekdeplerde döredilen döwrebap şertler, täze okuw kitaplary, sanly tehnologiýalar sapaklaryň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.
Başlangyç bilim çaganyň durmuş ýolundaky ilkinji möhüm basgançakdyr. Şonuň üçin her bir sapakda okuwçylaryň dünýä garaýşyny giňeltmäge, pikirlenmek ukybyny ösdürmäge, döredijilik başarnygyny ýüze çykarmaga çalyşýarys. Çagalaryň her bir üstünligi mugallym üçin uly buýsançdyr. Olar ilkinji gezek harp ýazanda, kitap okanda, öz pikirini erkin beýan edende, geljegiň kämil nesliniň kemala gelýändigine göz ýetirýäris.
Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalaryna bilim bermek uly jogapkärçilik bilen bir hatarda belent ynamdyr. Şol ynamy ödemek üçin biz bilim işgärleri yhlasly zähmet çekýäris. Çünki şu günki okuwçy ertiriň alymy, lukmany, inženeri, mugallymy, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak raýatydyr. Bagtyýar çagalyk hakdaky döwlet aladasy ýurdumyzyň nurana geljeginiň berk binýadydyr.
Rejepbaý DÖWRANOW,
Dänew etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

