BIZE YAZYARLAR

Bagtyýar çagalygyň ýurdunda

Häzirki döwürde Türkmenistan bagtyýar çagalygyň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösýän ýurduna — ýaş türkmenistanlylaryň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ülkesine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasaty türkmenistanlylaryň, şol sanda ýaş nesilleriň beden, paýhas, ruhy, ahlak taýdan hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ene-atalar ýa-da mugallymlardyr terbiýeçiler ýaş nesli terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okamagy, zähmete taýýarlanmagy, olarda kanunlara, taryhy hem-de milli däp-dessurlara hormat bilen garamak medeniýetini ösdürmäge borçludyrlar.
Ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda çagalaryň döwrebap derejede okamaklaryna, dynç almaklaryna, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýär. Döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we mekdepleriň, şeýle hem ýöriteleşdirilen mekdepleriň, ähli zerur şertleri bolan çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň,
şypahanalaryň gerimi giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy boýunça ägirt uly işler
alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň sagdyn ösüp ýetişmekleri ugrunda aýratyn aladalar edilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem güneşli Diýarymyzda her bir çaga hakynda mähirli alada edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramakda, olaryň jemgyýetde öz orunlaryny tapmagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan nusgalyk işler alnyp barylýar. Gaznanyň döredilen gününden bäri geçen dört ýylyň dowamynda ýurdumyz boýunça 700-den gowrak çaga operasiýalary geçirildi, dikeldiş-bejergi işleri üstünlikli ýerine ýetirildi. Ýaňy-ýakynda gaznanyň kämilleşdirilen Tertipnamasynyň we gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny
girizmek hakynda Kararlaryň kabul edilmegi-de alnyp barylýan işleriň gerimini has-da giňeltmeklige itergi berdi. Halkara derejesinde giň goldawa mynasyp bolýan bu ynsanperwer işler çagalar hakdaky aladanyň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan möhüm meseleleriň biridigini subut edýär. Munuň özi ilatyň bu gatlagyna durmuş taýdan goldaw bermek çäresi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkynyň asylly ruhy ýörelgeleriniň we milli ahlagyň
ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu ynsanperwerlik ýörelgeler çaganyň kanuny hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek babatda hukuk kepillikleriniň toplumyny öz içine alýar. Bu işleriň ählisi raýatlarymyzyň abadan durmuşyny we bagtyýar geljegini berkarar etmekdäki aladalardan nyşandyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, Howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasy dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýär.
Bagtyýar çagalar — olar biziň ertirki güne ynamymyzdyr, kuwwatymyzdyr we şöhratymyzdyr. Ýüzlerinde bagt we şatlyk alamatlary uçganaklaýan çagalar Watanymyzyň şu gününiň buýsanjydyr we röwşen geljeginiň eýesidir.

Dilber JEÝHUNOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Pedagogika fakultetiniň Mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň 5-nji ýyl talyby.