BIZE YAZYARLAR

Bagtyýar çagalar gül Watanyň geljegi

Ýakynda   Lebap  welaýat  çagalar   sungat   mekdebiniň  “Fortepiano”  bölümi  ajaýyp  konsert   geçirdi.  Bu  dabara  okuw  ýylynyň   dowamynda   okuwçylaryň  we  mugallymlaryň  döredijilik  işleriniň  üstünlikli  netijesi  boldy.  Konsertiň  meýilnamasy  daşary  ýurt  we  türkmen  saz  sungatynyň  görnükli  kompozitorlarynyň   eserlerinden   düzülip,  diňleýjileriň  göwünlerini  diýseň   heýjana  getirdi.

Konsertde  ilkinji  bolup   mugallym  Ýe.Miroşnikowanyň   2-nji  synp   okuwçysy  A.Şaýymowa   A.Agajykowyň  “Azaşan  köşejik”  atly  eserini,  soňra   mugallym  G.Ýegenowanyň   2-nji synp  okuwçysy   Ş.Jorakulyýew   Ç.Nurymowyň  “Alaja  pökgüjik”  atly  eserleri  ýerine  ýetirdiler.  Ezber  mugallym  O.Salikowanyň  3-nji  synp  okuwçysy  M.Haýdarowanyň  ýerine  ýetirmeginde  A.Şirowanyň  “Ýürege  düşgünç çybyn”, mugallym  A.Annaýewanyň  4-nji  synp  okuwçysy  K.Bahramowanyň   çalmagynda  D.Nuryýewiň  “Sözsüz  aýdym”   ýaly  eserleri   ýaňlandy. Tejribeli  mugallym  S.Kaniýewanyň   3-nji   synp  okuwçylary  I.Ýusupowyň  we  L.Baýmyradowanyň   şeýle – de   zehinli  ýaş  mugallymlar D.Seýitkulyýewanyň we D.Işankulyýewanyň   okuwçylary   H.Batyrowyň ,  S.Suhrabowyň, A.Annadurdyýewanyň   we A.Gaýypowyň   ýerine  ýetiren  eserleri  konserte  aýratyn  öwüşgin  çaýdy . Ezber    we  tejribeli  mugallymlar   R.Nazarowanyň, R.Şamsiýewanyň  şeýle – de  L.Kerimowanyň   7- nji  synp  okuwçylary  bolan    U.Narmedowyň , N.Ýalkapowanyň,  Ş.Hüseýinowanyň  ýerine  ýetirmeginde  bolsa         K.Çerninyň  we  A.Leşgornyň   Etýudleri  ýaňlanyp,  okuwçylar  bu  eserler  arkaly  barmaklarynyň   ýüwrükligini   görkezmegiň  hötdesinden  geldiler. Mugallym  T.Kaşaýewanyň  5-nji  synp  okuwçysy  N.Reýimow   B.Hudaýnazarowyň  Tokkata  eserini  ezberlik  bilen  ýerine  ýetirmegiň  hötdesinden  geldi. Zehinli  çagalaryň  batyrgaý  çykyşlary  gyzgyn  elçarpyşmalar   bilen  garşy  alnyp,  konsert  tamamlandy. Ähli  ýaş  zehinlere  we  olaryň  geljegi  üçin  irginsiz  zähmet  çekýän   tejribeli  mugallymlara   döredijilik  äleminde   üstünlikleriň  ýar  bolmagyny  arzuwlaýarys.   

Lebap  welaýat  çagalar  sungat mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň 

bölüm müdiri,mugallym  Tamara  Kaşaýewa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: