Ýene täze günüm dogdy
Enem baryp çaýyn goýdy
Okuwyňa giç galaýma,
Diýip, ol maňa garady
Demledim eneme çaýyn
Bile içmäge oturdyk
Men okuwa eýýäm taýyn
Ikimizem bile turdyk
Ugratdy garap yzymdan
Guwanyp bagtly ýaşlara
Gara saçlarym dyzymdan
El keşde tahýam ak-gara
Gyzyl donlar tüýs gelişýär
Al köýnegem has-da düşýär
Gara köwüş ýalpyldaýar
Gün düşäýse, öwşün atýar
Talyplaň eşigi gözel
Syratly gyzlar edepli
Şahyrlarmyz taryp eder
Günlermiz geçýär gyzykly
Sapaklarmyz has-da gowy
Aýdym aýtmagy öwrenýäs
Beýik nota alan wagtyň
Mugallymlarmyz begenýär
Olaň çekýän zähmetleri
Biziň ertirki çöregmiz
Her bölümiň talyplary
Diýýär köp sagbolsunlarmyz
Okatmagyň usulyýeti,
Grim, hor, sahna hereketi
Türkmen saz, jemgyýet atly
Sapaklary söýýän gaty
Biz geljekde halkymyza
Watanmyza hyzmat etjek
Arkadagly Serdarmyza
Wepaly aýdymçy boljak
Aýdymlarda waspyn etjek
Arkadagly Serdarmyzyň
Bäsleşiklere gatnaşjak
Almaga şa serpaýmyzy
Ýagşy niýet, ýarym döwlet
Her adamyň arzuwy bar
Oka, işle hem-de döret
Gowulyk bize bolsun ýar
IMAMOWA Selbi,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň III-nji ýyl talyby
“Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Ilkinji
Guramasynyň” talyp hakynyň eýesi