BIZE YAZYARLAR

Bagt

Bagt näme?-diýlende
Agzybir maşgaladyr
Işden soň üýşeniňde
Öýüňde şagalaňdyr

Säher turup mydama
Her kim gider işine
Ýene biri okuwna
Timar berip üstüne

Günler geçýär gyzykly
Baýramçylyklar bilen
Eli tilli tüýdükli
Çalýar belent ses bilen

Bu dünýäniň ýüzünde
Iň bagtly ýaşlar biz
Çölünde hem düzünde
Misli elmydama güýz

Arkadagly Gahryman
Serdarymyz biz bilen
Milli Lider Arkadag
Halkyň hormatyn alan

IMAMOWA Selbi,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň III-nji ýyl talyby
“Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Ilkinji
Guramasynyň” talyp hakynyň eýesi