Bagt paýlaýan täze ýyl
Lebap welaýat kitaphanasynda ajaýyp binada zähmet çekýän kitaphana
hünärmenleriniň we “Türkmen gündogary” gazediniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Täze ýyl- ýagşy arzuwlaryň baýramy“ atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri we kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar.
Söhbetdeşlikde tamamlanyp barýan 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly hakykatdan hem göwünleri galkyndyryjy rowaçlyklaryň ýyly bolandygy. Bu ýylda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli özgertmeleriň birnäçesi durmuşa geçirilendigi, medeni-durmuş binalar açylyp ulanylmaga berilendigi, her bir ulgamda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada aýdylyp we Garaşsyz, Baky Bitarap Diýarymyza nur bolup geljek 2025-nji ýyl hem beýik ýeňişleriň, parahatçylygyň, ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýän ýyly bolmagyny şeýle-de Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.