Bagşylar we folklor toparlary çykyş etdiler

Türkmenabat şäherindäki Magtymguly Pyragy seýilgähinde bagşylaryň we folklor toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Lebap welaýatynyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň we Türkmenabat şäher häkimliginiň bilelikde guran çäresine etraplardan we şäherlerden gelen döredijilik toparlary gatnaşdylar. Welaýatyň birleşen bagşylar topary milli aýdym-sazlary, dessanlardan bölekleri ýerine ýetirdiler. Etraplaryň we şäherleriň medeniýet merkezleriniň folklor toparlarynyň çykyşlarynda türkmen halkynyň däpleri, toý dessurlary, milli ýörelgeleri çeper beýan edildi.

Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem guraldy.



Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector