BIZE YAZYARLAR

Bagşyçylyk sungaty

Bagşyçylyk ýokary ussatlygy talap edýän sungatdyr. Türkmen halkynyň aýdymsaz sungaty gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, many-mazmun taýdan giňligi bilen tapawutlanýar. Halkymyzyň bagşyçylyk sungatynyň taryhy we şu güni hakynda Gündogar halklarynyň sungatyny, medeniýetini öwrenijiler, belli kompozitorlar, saz öwreniji alymlar tarapyndan anyk maglumatlary özünde jemleýän köp sanly makalalaryň, ylmy işleriň ýazylandygyny bellemek gerek.
Bu sungata baş goşup, öz halkyna jany-teni bilen hyzmat etmegi maksat edinýän her bir adam «halk konserwatoriýasynyň» çylşyrymly okuwyny geçmeli bolupdyr. Bagşy ýa-da sazanda bolmak isleýänler ýaşlykdan atly bagşy-sazandalara şägirt durup, olardan aýdym aýtmagyň, saz çalmagyň inçe tärlerini birnäçe ýylyň dowamynda irginsizlik bilen öwrenipdirler. Şägirdiniň ussatlyk derejesine göwni ýeten pursadynda halypa oňa ak pata beripdir. Ýyllaryň geçmegi bilenem öňki şägirdiň özi halypalyga ýetişip, ol hem öz gezeginde şägirt tutunyp, onuň kämilleşmegine goşandyny goşupdyr.
 «Bagşy» sözüniň gelip çykyşy hem, elbetde, bagşylaryň ýerine ýetirýän hyzmaty bilen baglanyşyklydyr. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» bagşa «Türkmen milli aýdymlaryny aýdýan aýdymçy» diýlip kesgitleme berilýär. Ýerine ýetiriş ýollary, aýdym-saz gorlary boýunça bagşylar «dessançy» we «tirmeçi» diýlip, iki topara bölünýär.
Medeniýetimiziň, sungatymyzyň, şol sanda bagşyçylyk sungatymyzyň gülläp ösmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Dinara BABAMURADOWA,
Köýtendag etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.