Baglar durmuşyň bezegi
Ýaşlaryň arasynda guralýan medeni we syýasy çärelerde milli mirasymyza, ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine degişli söhbetler olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, olarda zähmete bolan söýgüni ösdürmekde we ýaşlaryň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly düşünjelerini kämilleşdirmekde pederlerimiziň parasada eýlenen
tejribeleri baradaky maglumatlaryň uly ähmiýeti bar.
Parasatly pederlerimiz beýik, berdaşly, ýogyn sütünli daragtlara keramat hökmünde sarpa goýupdyrlar. Şeýla baglar uzak ömrüň, gujur-gaýratyň nyşany hökmünde adamlaryň ünsüni özüne çekipdir.
Taryha ser salsak, halk ýörelgelerine görä, her kişiniň öňünde durýan üç sany borjunyň biri hökman nahal oturtmak bolupdyr. Ynsan durmuşynda baglara uly orun berilýär.
Alymlaryň kesgitlemegine görä, baglaryň ýapraklarynyň reňkini synlamak hem adama dürlüçe täsir edýär. Gyzylymtyl-ýaşyl, çalymtyl-gyrmyzy ýaprakly daragtlar duýgyny güýçlendirmäge täsir edýär. Adaty açyk, we garamtyl ýaşyl ýapraky daragtlar degna ulgamyny rahatlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle ösümlikleriň baldak, ýaprak, gül ýaly agzalarynda saklaýan efir ýagy adamy howsalaly ýagdaýdan çykarmaga, sussupesligi aýyrmaga, bedene güýç bermäge kömek edýär. Bu daragtlaryň salkyn saýasy, jana şypa beriji howasy adamyň bedeninden ýadawlygy aýyrýar, işe ukyplylygy artdyrýar, kalbyňda ruhubelentlik duýgusyny oýarýar. Baglaryň ýapraklarynyň şygyrdysy ynsanyň
kalbynda rahatlygy oýarýar.
Bilermenleriň tassyklamagyna görä daragtlar adamyň keşbini duýýar, hatda onuň bilen gürleşip hem bolýar.
Alymlar daragt diýlen düşünjäni gurluşy boýunça ynsanyň ýaşaýşyna deňeýärler. Oňa Ýer ýüzünde dowam edýän ýaşaýşyň nyşany diýlip düşünilýär.
Bahar paslynyň golaýlaşmagy bilen ildeşlerimiz ýerleri bag nahallaryny ekmäge taýýarlaýarlar. Baglar durmuşyň bezegi, ýaşaýşyň ýaraşygy. Şahyryň aýdyşy ýaly biziň eken bir agajymyz dünýä kitabynda ýadygär galýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmeklige uly üns berilýär.
Gülşat ANNAORAZOWA,
Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň statisti.