Ata Watanymyzyň ekologiýasyny gorap saklamak bütin dünýäni gyzyklandyrýan meseleleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda tebigata aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Muňa mysal edip, soňky ýyllarda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmegiň çäklerinde alnyp barylýan işlerde hem görmek bolýar. Ýurdumyzda “Gök guşak” umumy milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen tokaý zolaklary döredildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen her ýylda müňlerçe agaç nahallary oturdylýar. Munuň özi ýurdumyzda gözel tebigy gurşawy kemala getirmek bilen bir hatarda ekologiýa abadançylygyny saklamaga hem oňyn täsir edýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirlendir. Häzirki wagtda Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda pürli hem-de saýaly agaçlar möwsümleýin oturdylýar. Netijede, ýurdumyzda tokaý zolaklary emele getirilýär. Ýaşyl zolaklaryň kemala gelmegi bolsa baglara aýratyn idegi talap edýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin arassaçylyk we ideg işleriniň geçirilmeginiň özi tämiz daşky gurşawy döretmekde möhüm orun tutýar. Bu işlere ýaşlaryň çekilmegi bolsa şeýle asylly işi yzygiderli dowam etdirmäge olary ylmy taýdan esaslandyrylan usullar arkaly idetmäge itergi berýär. Şunlukda alnyp barylýan şeýle toplumlaýyn işler hormatly Prezidentimiziň biziň öňümizde goýan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly wezipelerinden ugur alýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça alnyp barylýan daşky gurşawy abadanlaşdyrmak bilen bagly işler, döredilýän täze ýaşyl zolaklar iri tokaý toplumlarynyň bir bölegine öwrülip, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny baýramçylyk lybasyna beslär, sahawatly türkmen topragynyň bolsa gözelligini has-da artdyrar.
Jumamyradowa Mahym
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby
