DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

BAE-de Täze ýyl baýramynyň rekordy goýuldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ras-el-Haýma emirliginde Täze ýyl gijesi dronlar we
feýerwerkler bilen 2 sany Ginnesiň rekordy hasaba alyndy. Bu barada Emirligiň
syýahatçylygy ösdürmek boýunça edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
– Täze ýyl baýramçylygy Ras-el-Haýma emirliginde 2024-nji ýylda syýahatçylyk
pudagynda gazanylan üsütnlikleriň jemleýjisi boldy. Ginnesiň 2 sany rekordy
hasaba alyndy – diýip, syýahatçylyk edarasynyň ýolbaşçysy Raki Fillips belledi. Täze ýyl gijesi bu emirlikde dronlar bilen asman giňişliginde iň uly agajyň şekili, şeýle hem dronlar bilen howa giňişliginde iň uly deňiz balykgulagynyň şekili emele getirildi.