BIZE YAZYARLAR

Aziýanyň merjeni

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň özboluşly aýratynlygy onuň köp ugurlylygy bilen baglanyşyklydyr. Aşgabat şäheri ýurdumyzyň diňe bir syýasy we ykdysady merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, taryhy, medeni, bilim, sport babatynda hem özüne çekiji merkez bolup durýandygyny alamatlandyrýar.
Häzirki wagtda bu abraýly halkara guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna “Senetçilik we folklor sungaty”, “Dizaýn”, “Film”, “Gastronomiýa”, “Edebiýat”, “Media sungaty” we “Saz” ýaly 7 sany döredijilik ugry boýunça 350 şäher girýär. Bu tora Aşgabat şäheriniň goşulmagy onuň uly dizaýn mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, dizaýnerleriň başlangyçlaryny geljekde has-da ilerletmäge, halkara derejede döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär. Aşgabat ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulan ilkinji şäherdir, şeýle-de Merkezi Aziýa sebitinden bu tora “Dizaýn” ugry boýunça goşulan ilkinji şäherdir. Aşgabadyň dizaýn mümkinçilikleriniň ýokary baha mynasyp bolmagy, bu ugurda alnyp barylýan köpugurly işleriň miwesidir. 2021nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝU NES KO) işleri barada Türkmenistanyň milli topary we Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝU NESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak boýunça işlere badalga berildi. Munuň üçin iş topary döredildi we onuň işleri meýilleşdirildi, şäheriň dizaýn bilen baglanyşykly döredijilik serişdeleriniň kartasy düzüldi. Bu işlere paýtagtymyzyň sungat, döredijilik intelligensiýasy, ýaşlary işjeň gatnaşdy. Dizaýnerleriň gatnaşmagynda ençeme döredijilikli çäreler guraldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Aşgabatda giň gerimli dizaýnerçilik çözgütleri ornaşdyryldy. Muňa mysal hökmünde Oguz han köşkler toplumyny, Bagt köşgüni, “Älem” medeni dynç alyş merkezini, “Aşgabat” söwda we dynç alyş işewürlik merkezlerini we beýlekileri görkezmek bolar. 2014-nji ýylda paýtagtymyzyň merkezinde beýikligi 25 metre barabar bolan “Ak şäherim Aşgabat” atly bina dabaraly ýagdaýda açyldy. Onuň ýokarsynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny alamatlandyrýan zeýtun şahajyklary şekillendirilendir. Häzirki wagtda Aşgabat – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagt şäheri, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir. Şäher garaşsyzlyk ýyllarynda düýpgöter özgerdi, Orta Aziýanyň uly syýasy ykdysady merkezleriniň birine öwrüldi.
Aşgabat şäheri ykdysady – geografik jähtden amatly ýerde ýerleşýär. Ol ýurdumyzyň dürli sebitlerini birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygydyr. Bu ýerden Türkmenbaşy – Türkmenabat, Aşgabat – Daşoguz demir we awtomobil ýollary geçýär. Halkara howa menzili arkaly Aşgabat dünýäniň dürli döwletlerini birleşdirýän howa ýollarynyň çatrygy hasaplanýar. Bu bolsa şäheriň durmuş-ykdysady merkez hökmünde ösmegine uly ýardam berýär.
Aşgabat şäheri gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda, galalaryň ýerleşen ýerinde emele gelipdir. Şäheriň häzirki ornunda bolan köne gala Parfiýa patyşalygynyň gülläp ösen döwrüne, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki 300-nji ýyllara degişlidir. Aşgabat şäheri döwletimiziň iri senagat merkezi hasaplanýar. Ykdysadyýetiniň esasyny bolsa senagat pudagy düzýär.
Aşgabat – paýtagt şäher, tagtdan paýly şäher. Ol ähli şäherlerimize – obalarymyza baş bolup, görelde görkezýän şäherdir. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda hut şu maksat bilen, ýagny şäherimizde amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri wagyz-ündew etmek üçin Aşgabat şäheriniň güni döredildi.
2008-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda 133 metr uzynlykda bina edilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütüni, 2010-njy ýylyň awgust aýynda bina edilen “Oguz han” suw çüwdürimler toplumy dünýäde iň iri suw çüwdürimler toplumy, 2011-nji ýylyň oktýabrynda “Türkmenistan” teleýaýlymlar merkeziniň binasy bezeýän sekizburçly “Oguz hanyň ýyldyzy” dünýäde ýyldyzyň iň uly binagärlik şekili hökmünde, 2012-nji maý aýynda Aşgabatdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň binasynyň beýikligi 95 metr, 57 metr diametrli ýapyk syn ediş çarhy hökmünde, 2013-nji ýylyň maý aýynda Aşgabat dünýäde iň köp ak mermere beslenen şäher hökmünde, 2016-njy ýylda Aşgabat Halkara howa menziliniň ýolagçylar terminalyny bezeýän haly gölüniň ( 705 m2 ) şekili dünýäde iň ululygy mynasybetli, 2017-nji ýylda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde, 2017-nji ýylyň awgust aýynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologik taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

JEPBARBERDIÝEW Weýis,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
dil öwreniş bölüminiň 123-nji okuw toparynyň talyby.