SPORT WE SYÝAHAT

Aziýanyň çempionatyndan 5 medal

Türkmenistanly küştçüler Özbegistanyň Daşkent şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatyny ýedi medal bilen tamamladylar. Şol medallaryň 5-sini Lebap welaýatynyň türgenleri gazandy.

Dänew etrabyndan Lala Şöhradowanyň rapid görnüşi boýunça ýaryşda kümüş, nusgawy görnüşde bolsa bürünç medal eýeländigini habar beripdik. Nusgawy görnüş boýunça 13 ýaşa çenli türgenleriň arasynda ýaryşan Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiň türgeni Mähri Agamyradowa bu görnüşde güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden üstün çykyp, kümüş medalyň eýesi boldy. Mähri blis boýunça ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş etdi. Ol bu görnüşde öz mekdebine wekilçilik edýän başga bir türgen Gülmira Seýilhanowa (15 ýaşa çenli dereje) bilen bilelikde kümüş medala mynasyp boldy.

Şeýlelikde, Aziýanyň çempionatynda Lala Şöhradowa bilen Mähri Agamyradowa iki, Gülmira Seýilhanowa bolsa bir medala mynasyp boldy. Ýeri gelende aýtsak, türkmen ýygyndysynyň galan iki medalyny aşgabatly Amanmuhammet Hommadow eýeledi.

Lebaply türgenler yklym çempionatyna tälimçiler Güljahan Öwlüýägulyýewanyň, Zumrat Açylowanyň we Oguljan Reýimowanyň ýobaşçylygynda taýýarlandylar we gatnaşdylar. Ýurdumyzyň tälimçiler düzüminde paýtagtly tälimçiler Aýnur Isaýewa, Mergen Kakabaýew we Maksat Atabaýew hem ýer aldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: