Londonyň “Tottenhem” futbol kluby öz resmi saýtynda günorta koreýaly hüjümçi
Son Hyn Min bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi. Oýunçy bilen täze şertnama 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýär.
Son 2015-nji ýylyň awgust aýynda “Tottenhemiň” oýunçysy boldy. Bu döwürde
futbolçy 431 oýna gatnaşdy – ol bu görkeziji boýunça klub taryhynda 11-nji orny
eýeleýär. Son toparyň düzüminde 169 gol geçirdi, bu hem onuň taryhynda
dördünji görkezijidir.
«Transfermarkt» internet portaly 32 ýaşly koreýalynyň bazar bahasyny 38 mln
ýewro diýip hasaplaýar. Angliýanyň Premýer-ligasynyň klubuna gelmezden öň,
Son Hyn Min Germaniýanyň “Gamburg” we “Baýer” klublarynda, şeýle-de koreý
çempionatynyň birnäçe toparynda çykyş etdi.
Aziýaly oýunçy «Tottenhem» bilen täze şertnama baglaşdy

08
Jan