SPORT WE SYÝAHAT

Aziýa oýunlarynyň kuraş ýaryşlaryna Lebapdan dört türgen gatnaşar

Şu ýylyň sentýabr ― oktýabr aýlarynyň sepgidinde Hytaýda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň kuraş boýunça ýaryşlaryna Lebap welaýatyndan dört türgen gatnaşar. Olaryň üçüsi erkekler, galan üçüsi hem zenan türgenlerdir.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna 66 kilograma çenli agram derejesinde Şamuhammet Kurbanow, 90 kilograma çenli agram derejesinde Işanmyrat Ataýew, 90 kilogramdan ýokary agram derejesinde Tejen Tejenow wekilçilik eder. Agzalan türgenleriň biri Lebap welaýatyndan, galan ikisi bolsa Aşgabat şäherindendir.

Zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Şirin Kubaýewa bolsa Aziýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň üçüsini hem Lebap welaýatyndan saýlap aldy. Olar 52 kilograma çenli agram derejesiniň wekili Aýşirin Haýdarowa, ýene-de şol agram derejesinde Aýnur Amanowa hem-de 78 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşjak Jahan Muhammedowadyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: