DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Aziýa kubogy ― 2027-ni geçirmäge dalaşgärler mälim

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi saýty 2027-nji ýyldaky Aziýa kubogyny kabul etmäge dalaşgär döwletleriň sanawyny berdi.
Konfederasiýanyň beýanatynda aýdylyşy ýaly, dalaşgärlik üçin ýüztutmalar şu ýylyň 30-njy iýunyna çenli kabul edildi. Şeýlelikde, Hindistan, Eýran, Katar, Saud Arabystany we Özbegistan öz dalaşgärligini yglan etdiler. AFK indi bu döwletleriň haýsysynyň çempionaty iň ýokary derejede geçirip biljekdigini anyklap, ýaryşyň geçiriljek ýerini 2021-nji ýylda yglan eder.
Mälim bolşy ýaly, Aziýa kubogy ― 2023 Hytaý Halk Respublikasynda geçiriler. Oňa taýýarlygyň çäginde Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Koreýa Respublikasynyň, Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň, Liwanyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bilen bir toparçada ýaryşýar. Häzir bu toparda 9 utuk bilen türkmen futbolçylary birinji orunda barýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: