JEMGYÝET

Azerbaýjanly suratkeşler türkmen Bitaraplygyny wasp etdiler

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralary dünýä ýüzüne ýaýraýar. Ýakynda azerbaýjanly ýaş suratkeşler öz eserlerinde halkymyzyň bu beýik bagtyny wasp etdiler.
Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy tarapyndan yglan edilen surat bäsleşigi «Türkmenistan we Azerbaýjan ― dostluk köprüsi» diýlip atlandyryldy. Oňa 7 ― 16 ýaş aralygyndaky suratkeşler gatnaşdylar. Bu barada «Trend» habarlar agentligine salgylanmak bilen, «Turkmenportal» habar berýär.


Ilçihananyň Azerbaýjanyň döwlet sungat akademiýasy bilen bilelikde geçiren bäsleşigine 60 suratkeş gatnaşdy. Olar parahatçylyk baradaky düşünjelerini we iki halk dost-doganlyk gatnaşyklaryny öz eserlerine siňdirdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýaş suratkeşleriň dördüsi ýeňiji diýlip yglan edildi. Olara guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply