DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Aždarha şäheri» tapyldy

Mongoliýanyň merkezinden akyp geçýän Orhon derýasynyň boýunça gazuw-agtaryş işlerini geçirýän arheologlar Hun hökümdarlygynyň paýtagty bolan Lunçen ýa-da Luut diýlip atlandyrylan meşhur «Aždarha şäheriniň» üstünden bardylar.
Hunlar gadymy çarwa halklardyr. Olar biziň eýýamymyzdan öňki 220-nji ýyldan biziň eýýamymyzyň II asyryna çenli Hytaýyň demirgazygyndaky sähralarda ýaşapdyr. Hatda Beýik Hytaý diwary hem taryhda hun hüjümlerinden goranmak üçin guruldy.
Gazuw-agtaryş işleri Ulan Bator döwlet uniwersitetiniň howandarlygynda Arhangaý welaýatynyň Ulziit etrabynda geçirildi. «Heritage Daily» neşiriniň ýazmagyna görä, gadymy şäherçäniň ilkinji yzlaryna 2017-nji ýylda gabat gelindi. Ýöne alymlar bu tapyndy barada häzir beýanat berdiler.
Arheologlar goşa şäheriň galyň diwarlarynyň, emeli suw howdanlarynyň we gadymy hytaý ýazgylarynda «Asmanyň ogly» diýilýän bezemen desganyň galyndylarynyň üstünden bardylar. Olara «Lunçen şäheriniň üstünden bardyk» diýen umydy beren hem şu aýratynlyklardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: