DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Aýyň üstünde gowaça gögerdi

Geçen asyryň ikinji ýarymynda meşhurlyga eýe bolan aýdymyň bir setirini sözbaşy hökmünde üýtgedip almagymyz ýöne ýerden däl. Onuň özüne ýetik sebäbi bar. Hytaý alymlary ilkinji bolup Aýyň arka ýüzünde gowaça ekip, ondan gögeriş aldylar. Bu baradaky habar ýyldyrym çaltlygynda bütin düýnä ýaýrady. Bu barada Rambler ýazýar.
Bu şeýle bolup geçipdir. Şu ýylyň 2019-njy ýylyň 3-nji ýanwarynda hytaý kosmos apparaty «Çanýe-4» Aýyň garaňky tarapyna düşüpdir we gowaça ekipdir. Birnäçe günden soň ol gögerip çykypdyr. Şonuň ýaly-da, ýene-de ösümlikleriň we haýwanat dünýäsine degişli ýönekeýje görnüşleriň sporalaryny (bir öýjükli käbir haýwanlaryň we gülsüz ösümlikleriň köpelmegine kömek edýän mikroskopik başlangyçlaryň) altysynyň Ýeriň hemrasyna iberilendigi habar berilýär. Ýöne gowaçadan başga diňe raps (atanak güllüler maşgalasyndan bolan ot ösümligi) we kartoşka gögeriş beripdir. Bu aý grawitasiýasy (bütindünýä dartyşy; jisimleriň özara dartyşy bilen häsiýetlenýän materiýa hadysasy; ol aýda ýeriňkiden alty esse gowrak azdyr) şertinde geçirilen ýeke-täk şowly synagdyr. Alymlar hut şu üç ösümligiň geljekde Aýy mesgen tutjak adamlara eşik, iýmit we ýag taýýarlamak üçin önüm bolup hyzmat ederler diýip hasaplaýarlar.
Bu setirleri okandan soň, ýerdäki ýaly, Aýyň üstüni agdaryp, oňa tohum sepilendir öýdäýmäň. Aýa görnüşleriň hemmesi hem berk ýapylan (germetiki) gaplarda eltildi. Bu ýapyk siklli ekoulgamyň ýaşaýşa ukybyny barlamak maksady bilen geçirilýän tejribäniň hökmany şertidir. Munda şeýle bolup geçýär: ösümlikler mör-möjeklere (gürrüňini edýän ýagdaýymyzda bir öýjükli kömeleklere we miwe siňeklerine) ýaşamak üçin gerek bolan kislorod bölüp çykarýarlar; olar hem, öz gezeginde, ösümlikleriň ösmegi üçin zerur bolan kömürturşy gazyny çykarýarlar. Egerde, ýylylygyň we çyglylygyň gerekli derejesi saklanylsa, az-kem grawitasiýa bar ýerinde hem şeýle ekoulgamda ösümlik gögermeli, janly-jandar ýaşamaly. Ýöne, birnäçe günden soň gögeren ekinleriň gurandygy barada habar geldi.
Aý grawitasiýasy şertlerinde bu ösümlikleriň gögerendigine alymlar şübhelenmeýärler. Sebäbi ol kiçijik kameranyň kömegi bilen surata düşürilipdir. Olar muňa Aýyň üstüniň sowuklygy sebäp bolandyr diýip çaklaýarlar. Hakykatdan hem, Aýyň üstüniň temperaturasy 1730C sowukdan 1270C gyzgynlyga çenli çenli üýtgäp durýar. Ýöne, näme bolsa-da, alymlar ýaşaýyş ýok ýerde ekin ekmegiň özüni ylym üçin uly öňe gidişlik diýip hasaplaýarlar. Olar zerur şertler döredilende, Aýda ekiniň ösjekdigine ynanýarlar.
Grawitasiýanyň ýok ýerinde, agramsyzlyk şertlerinde ösümligiň ösýändigini, hat-da tohum hem berýändigini geçirilen tejribeler subut etdiler. Onuň iň soňkularynyň biri hökmünde amerikan astronawty Skott Kellininiň tejribesini görkezmek bolar. Ol üç ýyl mundan ozal Halkara kosmos stansiýasynyň amerikan segmentinde sinniýany (çylşyrymly güllüler toparyndan bolan bezeg (dekoratiw) ösümligini) ösdürdi we onuň güllänini gördi. Ýöne onuň tejribesi ilkinji däldir. Ondan 34 ýyl, şu makala çapa taýýarlanylýan wagtyndan 37 ýyl ozal, ýagny, 1982-nji ýylda «Salýut-7» orbital stansiýasynyň komandiri polkownik Anotoliý Berezowoý we bort inženeri Walentin Lebedew dagylar «Fiton-3» germetiki gapda arabidopsis (kelemler maşgalasyndan bolan gül) gülüniň bütin çemenini ösdürdiler we ony stansiýa gelen zenan kosmonawt Swetlana Sawiskaýa gowşurdylar. Özem, birnäçe wagtdan soň ol kosmosda 200 sany tohum berdi. Olardanam ozal, 1978-nji ýylda sowet kosmonawtlary Aleksandr Iwançenkow we Wladimir Kowalýonko «Salýut-4» orbital stansiýasynyň «Oazis» enjamynda gök sogan ýetişdirdiler. Diňe munuň bilen hem çäklenmän, ony nietlenilişine görä ulandylar, ýagny, kosmosda iýdiler.
Ösümlikleri kosmosa çykarmaga synanyşyk ir döwürlerden başlandy. 1946-njy ýylda amerikalylar nemes inženeri Werner fon Braunuň «Fau-2» raketasynda mekgäni we drozofil siňegini suborbital uçuşa (ýeriň emeli hemrasynyň orbita çykmazdan, belli bir traýektoriýadaky uçuşyna) goýberdiler. 1960-njy ýylda uçurylan ýeriň emeli hemrasynda Belka we Strelka atly itleriň ýanynda öýde ösdürilen bugdaýy, tradeskansiýany (bir ülüşli köp ýyllyk ösümligi), nohudy, mekgäni, hlorella suwotusyny (bir öýjükli mikroskopiki suwotular maşgalasyna degişi) we sogany hem goýdular. Tohumlaryň açyk kosmosa çykarylmagy bolsa hakyky ylmy ösüş boldy. 2007-nji ýyldan 2008-nji ýyla çenli arpanyň, nikandranyň (bir ýyllyk gülüň), redisiň, tüwiniň, gorçisanyň (sary gülli ösümligiň) we pomodyryň ýörite gaplara salnan tohumlary Halkara kosmos stansiýsynyň daşynda — açyk kosmosda saklanyldy. Ýere gaýtarylyp getirileninden soň pomidoryň tohumyndan başgalarynyň hemmesi gowy gögeriş berdiler.
Hekaýatmyzyň başyna dolanyp gelsek, hytaýly alymlaryň Aýda ösümlik ösdürmegi şu güne çenli deňi-taýy bolmadyk üstünlikdigini bellemek gerek. Onuň durmuşy ähmiýeti hem bardyr. Ençeme ýurtlaryň bildirýän gyzyklanmalaryndan çen tutsaň, adamlaryň Ýeriň bu hemrasyny eýelejek günleri hem daşda däl. Onsoň, kosmosam-a kosmosdyr welin, nirede bolsa-da, adama wagtynda iýmek gerekdigini hem ýatdan çykarmaly däl. Iýmiti Ýerden eltenden, şol ýerde ýetişdirmek bolsa amatlydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply