DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Aýyň öňüniň iň dowamly tutulmagyna garaşylýar

Noýabryň 18-inden 19-yna geçilýän gije Aýyň alynyň bölekleýin iň dowamly tutulmagyna garaşylýar. NASA-nyň ekspertleri onuň 3 sagat 8 minut 23 sekund dowam etjekdigini öňünden aýdýarlar, diýip «rambler.ru» ýazýar.

Onuň öňüniň tutulmagy Aşgabat wagty bilen 12:19-da başlar we 14:00-da maksimuma ýeter hem-de 15:47-de tamamlanar.

Ýeriň kölegesi bilen 97% ýapyljak bölekleýin Aýyň öňüniň tutulmagy soňky ýüz ýylda iň dowamlysy bolar. Batler uniwersitetiniň (ABŞ) Hokombadaky obserwatoriýasynyň maglumatlaryna görä bolsa, ol soňky 580 ýyldakylarynyň iň dowamlysy bolar.

Aýyň öňüniň tutulmagyna Demirgazyk Amerikada, Ýuwaş ummanda, Günbatar Ýewropada, Alýaskada, Ýaponiýada, gündogar Awstraliýada we Täze Zelandiýada synlap bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: