Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirilmegi diňe bir ýylyň däl, eýsem, döwrüň ajaýyp wakasy hökmünde şatlygymyzy artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleri nesiller üçin ýol-ýörelgedir, belent maksatlara ýetmekde mizemez çelgidir. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynda: «Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, gazanylýan üstünlikler biziň her birimizde hakyky watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy döredýär» diýen sözleri amala aşyrylýan her bir özgertmäniň ýurt parahatçylygyny berkitmäge, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, watançy nesilleri kemala getirmäge gönükdirilýändigine şaýatlyk edýär. Şundan ugur alyp, gaýratly Watan ogullary her bir işde, şol sanda ýurt goragynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesine eýerýärler, ýurdumyzyň şan-şöhratyny arşa götermek babatda durmuşa geçirýän asyrlara barabar işlerinden ruhlanýarlar.
Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň taryhy kökleri, onuň parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we halkara hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, geçen 30 ýylyň dowamynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, möhüm ähmiýetli wakalar täsirli beýan edilýär. Täze kitapda Türkmenistanyň öz taryhynyň, müňýyllyk parahatçylyk ýörelgeleriniň, medeni mirasynyň üsti bilen parahatçylygyň diňe bir arzuw däl-de, hakykata öwrülip bilýän ösüş ýoludygyny görkezýändigi bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň bu beýik hakykaty aýawly saklap gelendigini, şonuň bilen ýaşandygyny, ony nesilden-nesle geçirip bilendigini nygtamak bilen, bütin dünýäni bu pähime eýermäge, ony öwrenmäge çagyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp kitabynda ýurdumyzda alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty we onuň çäklerinde söwda, nebitgaz, ulag-logistika, oba hojalygy, gurluşyk we energetika, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamlarynda dünýä döwletleri bilen ýola goýlup, yzygiderli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti giňişleýin açylyp görkezilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kabul edilen maksatnamalar esasynda ykdysadyýetde, oba hojalygynda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmakda ýetilen sepgitler aýdyň beýan edilýär. Şol üstünlikler bolsa «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda hem halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Aýdyň ýoly kämil beýan edýän eserinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň uly sepgitlere ýetendigini, kuwwatly ykdysadyýeti we durmuş ulgamy bolan, dünýä bileleşiginiň mynasyp hem-de abraýly agzasy hökmünde okgunly ösýän döwlete öwrülendigini aýdyp: «Köp babatda bu üstünlikler yzygiderli durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasatymyzyň netijesi boldy. Hut şonuň üçin hem men «Garaşsyzlyk» we «Bitaraplyk» düşünjeleriniň türkmen halky üçin bitewi garaýyşlar bolup durýandygyny hemişe nygtaýaryn. Olar biziň döwletliligimiziň daýanç sütünleridir, Türkmenistan bu sütünlerde ynamly orun alyp, Ýer ýüzündäki köp sanly dostlary bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar» diýip nygtaýar. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlyk hem-de hemişelik Bitaraplyk ýoly bilen ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň täze taryhynyň halkyň agzybir, döredijilikli zähmetiniň netijesidigini aýdyň görkezýär.
Dost-doganlyk baýdagyny belende göterýän, dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagy ugrunda ägirt uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, dünýä nusgalyk işleri mundan beýläk-de hemişe rowaç bolsun!
Kerim BERDIÝEW,
Garabekewül etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.

