DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Aýdymçy Britni Spirsiň durmuşy barada terjimehal film surata düşüriler

“Universal Pictures” kino kompaniýasy aýdymçy Britni Spirsiň “Mendäki aýal” atly durmuş ýatlamalary kitaby esasynda film döretmek hukugyna eýe boldy.

2023-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda neşir edilen “Mendäki aýal” dessine okyjylar we tankytçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy we iň köp satylan eser boldy.

Kitap diňe ABŞ-da 2,5 milliondan gowrak nusgada satyldy.

Bu ýatlama esasynda film döretmek üçin iri kino kompaniýalarynyň arasynda uly bäsdeşlik boldy we netijede “Universal Pictures” kitaby surata düşürmek hukugyny satyn aldy.

Bu eser okyja durmuşyň wakalaryna köptaraplaýyn seretmäge mümkinçilik berýär.