BIZE YAZYARLAR

Aýdym-sazyň owazy – Berkararlylygyň belent nyşany

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän baý medeni mirasynyň iň möhüm ugurlarynyň biri aýdym-saz we bagşyçylyk sungatydyr. Halk arasynda «Bagşyly il — bagtly il» diýilmegi hem ýöne ýerden däldir. Hakykatdan-da, nirede saz-söhbet, aýdym we mukam ýaňlansa, şol ýerde ruhy baýlyk, dost-doganlyk, toý-parahatlyk höküm sürýär. Aýdym-saz halkyň kalbyny nurlaýar, ýürekleri birleşdirýär, ýaşaýşyň manysyna gözellik çaýýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz we bagşyçylyk
sungaty döwlet derejesinde giňden ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ugra aýratyn üns berilýär. Halk döredijiliginiň ähli görnüşleri ýaly, bagşyçylyk sungaty hem häzirki döwürde täze ösüşlere, täzeliklere beslenýär.
Asyrlaryň dowamynda türkmen bagşylary halkyň ýüregindäki duýgulary, arzuw-islegleri saz
arkaly beýan edip, milli medeniýetiň ruhy diregine öwrülipdirler. Häzirki döwürde bu sungaty ylmy esasda öwrenmek, ýaşlara öwretmek hem-de dünýä derejesinde tanatmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi milli aýdym-saz sungatynyň esaslaryny berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şahyryň «Magtymguly, sözlerim // Saza goşsaň uz bolar» diýen ölümsiz setirleri halkyň dilinde nakyla öwrülipdir. Onuň döredijiligi bagşyçylyk sungatynyň ilham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Pyragynyň goşgularyna döredilen «Gözel sen», «Bu gün», «Şalyk bilen», «Myhmandyr», «Sataşdym» ýaly aýdymlar halk arasynda giňden ýaýran. Bu mukamlar diňe bir milli medeniýetiň däl, eýsem, dünýä saz sungatynyň hem nusgalyk eserleri hökmünde baha berilýär.
Türkmen saz dünýäsiniň baýlygy diňe halk aýdymlary bilen çäklenmän, dünýä derejesindäki opera, simfoniýa, wokal we instrumental döredijiliklerde hem öz täsirini görkezýär. Seýdi, Zelili, Mollanepes, Mätäji ýaly nusgawy şahyrlaryň döredijiligine bagyşlanan aýdym-saz eserleri halkymyzyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegine öwrülipdir.
Buýsandyrýan ýagdaý, hormatly Prezidentimiz tarapyndan beýik akyldar Magtymguly
Pyragynyň döredijiligini çuňňur öwrenmek we dünýä tanatmak boýunça giň mümkinçilikleriň döredilmegidir. Döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaby şahyryň edebi we akyldarlyk mirasyna täzeçe garaýşy açýar, onuň döredijiliginiň dünýä medeniýetindäki ornuny kesgitleýär.
Bagşyçylyk sungaty halkyň ýüreginiň owazy, onuň ruhy güýjüdir. Türkmen halkynyň medeni dünýäsinde bu sungatyň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem «Bagşyly il — bagtly il» diýen jümle diňe bir halk nakyly däl, eýsem, ýaşamak pelsepesine öwrülen söz hakydasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu sungat döwlet tarapyndan
goldanylýar. Ýaş bagşylaryň, sazandalaryň, kompozitorlaryň döredijilik mümkinçilikleri
giňeldilýär. Milli konserwatoriýalar, medeniýet öýleri, ýörite saz mekdepleri bu ugurda täze
derejelere çykýar. Ýurt derejesindäki we halkara derejesindäki aýdym-saz festiwallary,
bäsleşikler arkaly türkmen mukamlarynyň owazy dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaňlanýar.
Türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty diňe geçmişiň mirasy däl, eýsem, häzirki döwürde-de täze öwüşgin alýan, ösüşleriň we täzelikleriň öňbaşçysy bolup çykyş edýän ruhy baýlykdyr.
Beýik sungatyň, medeniýetiň we döredijiligiň beýik derejesine ýetmekde döredilen giň
mümkinçilikler üçin halkymyz hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize tüýs ýürekden
alkyş aýdýar. Türkmen aýdym-sazynyň belent owazy ýurdumyzda we dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we bagtyýarlygyň owazyna öwrülýär.

SAPAROWA Umida,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň 4-nji ýyl talyby.