BIZE YAZYARLAR

Aýdym barada gyzykly faktlar:

-Dünýäde dowamlylygy boýunça iň uzyn aýdym 126 sagat 52 minut dowam
edip ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girendir.Ol aýdymy ganaly aýdymçy Afua Adounum ýerine ýetirip ol öz aýdymyny 5 günläp aýdypdyr.
-Dünýä ýüzünde adatça bir aýdymyň dowamlylygy 3-5 minut diýlip hasaba
alnandyr. Ýewrowideniýe bäsleşiginiň düzgünlerine görä bäsleşige gatnaşyjynyň aýtýan bir aýdymynyň dowamlylygy 3 minutdyr.
– Bütindünýä Saglygy Goramak (BSG) guramasynyň berýän maslahatyna görä bir günüň dowamynda 1 sagatdan köp aýdym diňlemeklik adam saglygyna zyýan ýetirip biler.
– Azyndan 7 aýdymyň jemlenmegi bir albomy emele getirip biler. Dünýäde
häzirki wagtda çenli iň köp satylan albom Maýkl Jeksonyň “Triller” albomy bolup onuň 50 mlndan gowrak nusgasy satylandyr.
-Ýatmazdan öňürti aýdym diňlemek ukynyň has-da rahat bolmagyna getirer,
nerw dartgynlylygyňy gowşadar, agyry kesiji häsiýete hem eýedir.
-Iki ýa-da ondan köp aýdymyň goşulyp aýdylmagyna “Mashup” diýilip
aýdylýar.
– saz gurallary bolmadan aýdylýan aýdymyň görnüşine bolsa A-Kapella diýilip atlandyrylýar.
– Hemmämize mälim bolan saz notalary ýa-da aýdymyň dili gadymy
greklerden gelip çykandyr. Hat-da bütin dünýäde peýdalanylýan “Muzyka” sözi hem grek sözüdir.
– Ses bu tebigatyň eçilen baýlygydyr aýdym- saz bolsa ynsanlaryň öz döreden
sungatydyr. Aýdym-saz Homo Sapienes bilen deň dörändigi barada maglumatlar bar.
-Dowamlygynyň iň gysgalygy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna giren
aýdym 1,31 sekunt dowam edýär. Ol aýdym 1986-njy ýylda GRINDKORE topary tarapyndan aýdylýar.
-Dünýäniň iň tanymal aýdymçysy Taýlor Swift diýlip hasaba alnandyr.

AŞYRMYRADOWA Amangül
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat
agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: