BIZE YAZYARLAR

Aýdym ― kalbyň ganaty

Ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri aýdym-saza aýratyn hormat-sarpa goýup gelipdir.
Mälim bolşy ýaly, onuň keramatly güýjüne ynanan pederlerimiz aýdym-saz bilen diňe toýuny toýlaman, eýsem, birnäçe uruşlaryňdyr jeňleriň hem öňüni alypdyrlar.
Gadym zamanlarda Günüň öňi ýygy-ýygydan tutulyp, howa üýtgäp ugrapdyr. Şonda uly hanlyklaryň birinde han müneçjimleri ýygnap, maslahat edýär. Han bolup geçýän ýagdaýyň sebäbini soranda, olar soňky wagtlarda ýurtda şahyr-bagşylaryň juda köpelýändigini, tebigatdaky üýtgeşmeleriňem şondan bolup biljekdigini aýdýar. Maslahatdan soňra hanyň buýrugy bilen ýurduň ähli bagşy-sazandalarydyr şahyrlaryny bir ýere jemläp, jeza bermekçi bolýarlar. Ana, şonda Mahmyt Gaýyby diýen şahyr hanyň öňünde meşhur «Gelende bardyr» atly goşgusyny okaýar:
Saz bilen söhbede ýaman diýmäňler,
Adam, Howa dünýä gelende bardyr.
Abyl bile Kabyl ene garnynda,
Olar hem dünýäge gelende bardyr.
Muny diňlän han öz ýalňyşyna düşünip, olary jezalandyrmaga derek ählisini halat-serpaý bilen öýlerine ýollapdyr.
Hawa, aýdym-saz has ir döwürlerden bar bolup, dini ynançlara görä, hatda Allatagala bedene jany hem saz bilen salypdyr.
Nähilidir bir iş bilen meşgullanan pursatlarymyzda, ýolda wagtlarymyz bize ýaraýan, göwnümizi göterýän aýdymlary ýa-da sazlary diňlemek ruhy saglygymyza, onuň netijesinde hem fiziki saglygymyza oňaýly täsir edýär. Köpleriň bilşi ýaly, aýdym diňlemek adamyň gündeki ýadawlygyny unutmagyna, işe başlamazdan öň aýdym diňlemek endigi bolsa, onuň işine has höwesli başlamagyna peýdalydyr. Mundan başga-da, aýdym-sazy köp diňleýän adamlaryň ýatkeşligi beýleki ynsanlaryňkydan görnetin parhlanýar.

Zamira HUDAÝBERDYÝEWA,
Kerki etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: