Aýazly günlerde seresap bol!
Gyş paslynda her bir adam saglygyny goramaklyga aýratyn ünsli bolmaly. Bu döwürde adamlaryň durmuşynda şikeslenme hadysalary hem duş gelýär. Muňa sebäp bolýan ýagdaýlar, esasan, ýeriň, ýollaryň doňup, sürçeklenmegi, typançak köwüşleriň geýilmegi, gündizleriň gysgalyp, günüň garaňky wagtynyň agdyklyk etmegidir. Şikeslenme hadysalarynyň arasynda-da kelle çanak-beýni şikesi, el-aýak süňkleriniň döwülmegi we garyşyk şikesler köp gabat gelýär.
Howanyň sowamgy we ýerleriň sürçek bolmagy bilen saglygy goraýyş edaralaryna ýüz tutýan şikesli adamlaryň sany ýokarlanýar, olaryň 15 göterim töweregi sypjyrmak we süňk döwükleri bilen, 10 göterim töweregi çykyklar bilen baglanyşyklydyr. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almk üçin aýazly günlerde köçede, ýolda howlukman hereket etmeli, öňde bar bolan päsgelçiliklere üns bermeli, daş-töweregiňe seretmekçi bolanyňda säginmeli. Garly, doňak günlerde aýaklaryň hereketlerini gowşadyp, dyzdan epilen ýagdaýda, göwräňi biraz öňe egip ýöremeli. Sürçek ýerden barýarkaň, elleriňi jübüde saklamak howpludyr. Çünki ýykylaýan ýagdaýyňda elleriň bilen bir zada ýapyşmak mümkinçiligi bolmaýar we bu ýagdaý şikeslenmä sebäp bolup bilýär.
Çagalar hereketjeň bolýarlar. Bagtyýar balalarymyzyň işjeňligi sebäpli, şikeslenme almazlyklary üçin ene-atalar, ulular birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmeli. Olar — gyşky dynç alyş döwründe çagalaryň her pursadynyň ulularyň gözegçiligi astynda bolmagyndan, olaryň köçede, uly ýollaryň golaýynda oýnamaklaryna ýol bermezlikden, çagalara gyş üçin dogry saýlanan, rahat, ýyly we aşagy gapyrga şekilli gyş köwüşlerini geýdirmekden, ýaş çagalary öýde ýeke galdyrmazlykdan we daşary ýeke ugratmazlykdan ybaratdyr.
Şikeslenme ýüze çykan ýagdaýynda ulular çagalara ilkinji lukmançylyk kömegini bermegi hem başarmalydyrlar. Lukman gelýänçä, bedeniň gögeren bölegine buzly halta goýmak, şikesliniň rahatlygyny üpjün etmek, sargy daňysy bilen saramak hökmandyr. Deride şikes zerarly emele gelen ýaralary akar suw bilen ýuwmaly däl, diňe onuň gyralaryny ýod ergini bilen arassalamaly.
Çagalarda süňk şikesleri ýüze çykmaz ýaly, süňkleri berkitmek gerek we munuň üçin olar düzüminde ýod, kalsiý we D witamini saklanýan azyk önümlerini köpräk iýmeli. Ýod deňiz önümlerinde (esasan, balykda we deňiz keleminde), kalsiý süýt önümlerinde köp saklanýar. D witamini bolsa bedende kalsiniň özleşmegine ýardam edýär.
Jora Haitow,
welaýat onkologiýa hassahanasyyň endoskopist lukmany.