TÜRKMENISTAN HABARLARY

Aýazbaba bilen Garpamyk Lebapda täze açylan desgalara baryp gördi

Türkmenabat şäherinde baýramçylyk arçasynyň yşyklaryny ýakmazdan ozal Aýazbaba bilen Garpamyk Lebap welaýatynda şu ýyl açylan desgalardyr binalara baryp gördüler.
Lebap welaýatyna Köýtendagyň belentliklerinden aralaşan Täze ýyl
baýramynyň myhmanlary Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyryna, Hojambaz we Saýat etraplarynda şu ýyl açylan täze mekdeplere, buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Türkmenabat şäherindäki täze ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördüler. Bu ýerlerde olara täze binalar barada gürrüň berildi.