TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Aý Ýola» Türkmenistanda çykyş etdi

Russiýanyň Başgyrdystan Respublikasynyň dünýä meşhur «Aý Ýola» aýdym-saz topary 29-njy iýunda Arkadag şäherinde çykyş etdi. Konsertden soň toparyň aýdymçysy Adel Şaihitdinowa türkmen žurnalistlerine şeýle gürrüň berdi:
— Türkmenistanda Arkadag şäheriniň açylmagynyň 2 ýyllygy mynasybetli guralan konserte gatnaşmak biziň üçin uly hormatdyr. Bizi çuňňur myhmansöýerlik bilen garşy aldylar. Toparymyz bilen eýýäm ençeme ýurtlarda bolup görendigimize garamazdan, bu ýerler bizde has üýtgeşik täsir galdyrdy.
Her bir sungat adamy gözelligiň aşygy. Ak mermerli binalary bolan Aşgabat hem-de Arkadag şäherleri hem ylhamyňy joşdurýar.
Ýerine ýetiren aýdymlarymyzy türkmenistanly muşdaklarymyz gyzgyn garşylady. Has hem «Ural batyr» aýdym-saz albomymyzdan «Homaý» atly aýdym diňleýjilerde uly şatlyk-şowhun döretdi. Biziň bu aýdymymyz şu ýylyň mart aýynda dünýäde iň köp diňlenilýän aýdymlaryň bäşligine girdi. Häzirki
zaman elektron saz bilen bezelen başgyrt halk saz äheňlerine esaslanýan «Homaý» aýdymymyz bilen toparymyz halkara derejede tanaldy. «Ural batyr» albomymyz adybir dessanyň bölümlerini öz içine alýar. «Homaý» aýdymy bize kimligimizi hem-de geçmişimizi ýatladýar. Bu aýdym biziň hemmämizde näzik
duýgulary oýarýar. Biziň toparymyz üç adamdan ybarat: kakam Ruslan Şaihitdinow, Rinat Ramazanow hem-de men. Biziň esasy maksadymyz — millilik bilen döwrebaplygyň bitewüliginden emele gelýän hakyky sungat eserini döretmek.