«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň abatlaýjysy Alibek Umarow ulaglary abatlamak boýunça zähmet çekýär. Ol orta mekdebi tamamlandan soň Dänew etrap häkimliginiň 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebini bejeriji-abatlaýjy hünäri boýunça gutardy. Soňra Watan öňündäki harby gulluk borjuny ýerine ýetirdi we şol döwürde hem hünärini dowam etdirdi. Häzirki wagtda ol dört ýyldan gowrak wagtdan bäri önümçilik birleşiginde awtobuslary abatlamak işleri bilen meşgullanýar.
Alibek Umarow ýolagçy awtobuslaryny bejermekde jogapkärçilikli çemeleşmesi bilen tapawutlanýar. Geçen ýyllaryň dowamynda ol özüni başarjaň we zähmetsöýer hünärmen hökmünde tanatdy. Abatlaýyş işlerinde ulaglaryň tehniki taýdan saz ýagdaýda bolmagy hem-de ýolagçylaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi esasy talap hökmünde alnyp barylýar. Abatlanylan awtobuslar Lebap welaýatynyň çäginde ýolagçy gatnawlarynda ulanylýar.
