TÜRKMENISTAN HABARLARY

Awtobanyň Repetek menziline gurluşyk serişdeleri getirilýär

Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň Repetek menzilindäki önümçilik meýdançasyna 138,5 müň tonna gurluşyk daşy daşaldy. Olaryň aglaba bölegi port (inert) materiallardyr.
Bu bolsa ýoluň gurluşygynyň diňe birinji tapgyrda däl-de, indiki tapgyrlarynda hem dowam edýändigini görkezýär.
«Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada hem görkezilişi ýaly, ýoluň gurluşygynda ulanylýan daşlar Gowşut, Guşgy, Duşak, Buzaryk, Ajykäriz känlerinden alynýar. Ýoluň degişli ýerlerinde daş owradyjy zawodlaryň 13-si, asfalt, beton öndüriji zawodlaryň 10-sy, beton garyjy merkezleriň hem 7-si işledilýär.
Degişli gurluşyk serişdeleri Repetekdäki menzilden başga-da, Ýolöten, Zähmet we Takyr menzillerine hem daşaldy. Ozal hem habar berlişi ýaly, ýoluň gurluşygy 2023-nji ýylyň aýagynda tamamlanar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply