Awtobanyň Mary – Türkmenabat bölegi howpsuzlyk we durnuklylyk talaplaryna doly laýyk gelýär Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy mynasybetli geçirilen dabaranyň barşynda, bu iri taslamanyň ýol howpsuzlygy we durnuklylygy boýunça halkara ülňülere laýyk gelýändigini tassyklaýan nobatdaky güwänama gowşuryldy. Gowşurylan resminama täze awtobanyň ýol demir germewleriniň taslamasynyň we degişli hasaplamalarynyň halkara ýol howpsuzlyk kadalaryna doly laýyk gelýändigini kepillendirýär. Taslamanyň gurluşygynda ulanylan inženerçilik çözgütleri, germewleriň berkligi, çeýeligi we uzak möhletliligi ISO 1461 hem-de EN1317 ýaly ýokary Ýewropa we halkara standartlaryna gabat gelýär. Bu halkara güwänamasynyň gowşurylmagy ýokary tizlikli ýoluň diňe bir amatlylygy däl, eýsem sürüjiler we ýolagçylar üçin iň ýokary derejedäki howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Awtobanyň Mary – Türkmenabat bölegi howpsuzlyk we durnuklylyk talaplaryna doly laýyk gelýär
11
Apr

