Ýakynda açylyp, ulanylmaga berlen Aşgabat ― Türkmenabat awtobanynda ulaglaryň görnüşlerine görä, gatnaw bahalary belli boldy. Eger siziň ýeňil ulagyňyz bar bolsa, onda ýoluň tölegi bir kilometr üçin bary-ýogy 35 teňňe bolar. Bu bolsa Türkmenabatdan Aşgabada çenli 210 manatlyk töleg bilen baryp biljekdigimizi görkezýär.
Şeýle hem, dört we ondan köp oky bolan ulag serişdeleri (uly ýük ulaglary) üçin bu aralykda 270 manat töleg alnar. Bu bolsa şeýle ulaglar üçin her kilometriň töleginiň 45 teňňeden düşýändigini aňladýar.
Iki we ondan köp oky bolup, beýikligi 3 metrden, agramy bolsa 3,5 tonnadan ýokary bolan ulaglar (kiçi göwrümli ýük ulaglary we awtobuslar) üçin Türkmenabatdan Aşgabada çenli alynjak töleg 252 manat bolar. Has takygy, eger siz kiçi görnüşli ýük ulagynda ýa-da awtobusda ýola düşseňiz, ýoluň her kilometri üçin 42 teňňe töleg geçirersiňiz.
Awtobanda elýeterlilik: bir kilometr ýoluň bahasy bary-ýogy 35 teňňe
13
Apr

