TÜRKMENISTAN HABARLARY

Awtobana asfalt düşelýär

Şu günlerde Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň Mary ― Türkmenabat böleginde
ýoluň birinji gaty doly asfaltlanyldy. Bu barada welaýat neşiri habar berdi.
Ýoluň ikinji gatynyň gurluşygy hem tamamlanyp barýar, ýoluň ep-esli böleginde asfaltyň üçünji gaty hem goýuldy. Şol bir wagtyň özünde gurluşykçylar ýoluň ortasyndaky gorag zolagynyň gurluşygyny hem dowam etdirýärler — diýip, ol bize gürrüň berdi.
Ýoluň gurluşygyna «Ata melhem» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary has-da işjeň gatnaşýarlar. Döwrebap tehnikalaryň müňlerçesi ýoluň gurluşygynda ulanylýar. Täze ýoluň ugrunda ýolagçylar we sürüjiler üçin hyzmatlaryň dürli görnüşleri hem-de beýleki ähli amatly şertler döredilýär.
— Esasy aýratynlyklaryň ýene birisiniň ýol hereketiniň ýörite ulgam arkaly
dolandyrylmagydyr. Bu ulgamyň çäklerinde ýokary tizlikli awtomobil ýol gözegçilik gullugynyň esasy maglumatlary iberilýär we ýatda saklanylýar. Bu işler ýapyk aýlawly teleýaýlym ulgamy arkaly ýerine ýetirilýär. Şeýle hem şol ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň yzgarlygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar iberilýär, telefon ulgamy arkaly bolsa ýol gözegçilik gullugynyň esasy merkezindäki dolandyryş otagy baglanyşdyrylandyr. Ulgam arkaly ýolagçylara zerur bolan gyssagly hyzmatlar hödürleniler we kömek berler — diýip, tejribeli ýol gurluşykçy ýoluň artykmaçlyklaryny nygtap geçýär.
Ýoluň iki tarapynda bellenilen ýerlerde dükanlar, myhmanhanalar we kafeler, ýapyk we açyk
awtoduralgalar, ýangyç guýýan beketler, beýleki degişli binalar ýerleşer. Mundan başga-da, pyýada ýolagçylar we tehnikalar üçin geçelgeler we beýleki desgalar gurulýar. Olaryň uly topary eýýäm taýýar.