Awtoban Türkmenabada geler
Türkmenistanda şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň
Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalar,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçe, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy ulanmaga tabşyrylar. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler. TDH-niň habar berşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu barada 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde aýtdy.
Döwlet Baştutany ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw welagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiljekdigini belledi.