Şu günler Lebap welaýatynyň edara-kärhanalarynyň degişli hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde okuw maslahaty geçirilýär.
«Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň edaralarynyň hasaba alyş syýasatyny halkara standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmagyň ugurlary» diýen at bilen geçirilýän bu maslahatda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary tarapyndan edara-kärhanalarda düzgün-tertibi ýola goýmak, statistiki hasabatlary ýöretmek, agzalaryň durmuş we zähmet hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işler baradaky çykyşlar diňlenilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň tertipnamasynda we düzgünnamasynda bellenilen kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns çekilýär.
Okuw maslahatynyň dowamynda sagdyn durmuşy dabaralandyrýan sport ýaryşlary, medeni çärelerdir bäsleşikler hem geçirilýär we Awazanyň gözel ýerlerine gezelençler guralýar.
