10-njy aprelde Wenada Awstriýa–Türkmen jemgyýetiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy we türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ýurda amala aşyran saparynyň netijeleri mynasybetli giňişleýin mejlis geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda VII Wena balyny guramak bellenildi. Şeýle hem Milli Liderimize bagyşlanyp, «Galkynyş» žurnalynyň ýörite ýedinji sanynyň neşir ediljekdigi habar berildi.
Mejlise gatnaşan Awstriýanyň iri lukmançylyk, gurluşyk we metallurgiýa kompaniýalary Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Hususan-da, awstriýaly hyzmatdaşlaryň Arkadag şäherindäki lukmançylyk klasteriniň önümçilik taslamalaryna gatnaşmagy, «ýaşyl» energetika we sanlylaşdyrma ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alşyldy. Mejlise gatnaşyjylar amala aşyrylýan taslamalaryň iki ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklary has-da berkitjekdigine uly ynam bildirdiler.
Awazada VII Wena balyny geçirmek meýilleşdirilýär
14
Apr

