JEMGYÝET

Awazada her tapgyrda lebaply çagalaryň 100-si dynç alar

Şu ýyl Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän, her tapgyrda 300 çaga niýetlenen «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine möwsümiň dowamynda üç tapgyrda 900, Awazadaky «Lebap» çagalar dynç alyş merkezine bäş tapgyrda jemi 500 çaga çekmeklik göz öňünde tutulypdyr. Iýun aýynyň 2-sinde welaýat merkezinde bagtyýar çagalaryň ýokarda atlary agzalan merkezlere ugradyş dabarasy geçirildi. Aýdym-sazlar, şadyýan tanslar bilen utgaşan dabaralardan soňra, çagalaryň birinji tapgyrynda dynç aljak topar baýramçylyk lybasynda bezelen awtobuslarda şäheriň gözel ýerlerini synlap, «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine ugrady. Şadyýan çagalar döwrebap merkezde hem zehinli deň-duşlarynyň şatlyk-şowhun bilen sazlaşan aýdym-sazlary bilen garşylandy. Şol gün dabaraly ýagdaýda çagalaryň 100-si demir ýol ulagy bilen Awazada ýerleşýän «Lebap» sagaldyş we dynç alyş merkezine hem ugradyldy.