JEMGYÝET

Awazada halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş eden türgenleri sylaglamak dabarasy boldy

Sylaglanan ýeňijileriň arasynda Russiýa Federasiýasynda geçirilen «Ýüpek ýoly — 2022» ralli-reýdinde hem-de geçen aýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenler bar. «Awaza» sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda geçirilen bu dabarada şol ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan türkmenistanly türgenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Moskwa — Astrahan» ugry boýunça geçirilen «Ýüpek ýoly — 2022» ralli reýde seriýalaýyn çykarylýan ýolsuz ýerlerden geçmäge ukyply maşynlaryň derejesinde (T2) türkmen sürüjileri baýrakly orunlaryň üçüsini hem eýeläpdiler. Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Daşkentde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçiren Aziýanyň çempionatyndan jemi dürli derejeli medallaryň 20-sini getiripdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: