Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň karary bilen, 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, foruma BMG-niň agza ýurtlaryndan, halkara maliýe guramalaryndan, sebit birleşmelerinden ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem halkara bilermenleriň, ylmy jemgyýetçiliginiň we işewür toparlaryň gatnaşmagynda maslahatlar, tegelek
stollar we ikitaraplaýyn duşuşyklar guralar.
Bu halkara çäre Türkmenistanyň diňe bir sebitara hyzmatdaşlykda däl, eýsem dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň çözgüdinde hem işjeň we ynamly hyzmatdaşlygyny görkezýär.
Awazada halkara foruma taýýarlyk görülýär

02
Jul