TÜRKMENISTAN HABARLARY

Awazada dynç almak isleýänleri koronawirusa garşy sanjym etmegiň tertibi belli boldy

 

«Türkmen gündogary» gazetinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak bilen bagly düzgünler barada maglumatlar çap edildi. Onda Dänew etrabynyň Seýdi şäher hassahanasynda, Kerki etrap hassahanasynda we Türkmenabat şäherindäki 5-nji saglyk öýünde dynç almaga gidýän raýatlara «COVID-19»-a garşy sanjym geçirmek üçin kesgitlenilen nokatlaryň döredilendigi aýdylýar.
Türkmenabat şäherindäki 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmanlarynyň bölüm müdiri Gülşat Hatamowa bu barada giňişleýin düşündiriş berýär. Onuň aýtmagyna görä, raýat bir ýerde işleýän bolsa, ýollamanamany degişli ministrliginden alyp biler. Ýollamanama ministrligiň öz garamagyndaky ýa-da başga bir myhmanhana berlip bilner. Wagtlaýyn hiç ýerde işlemeýän raýatlara ýollamanama welaýat häkimliginde berilýär. Munuň üçin şahsyýetini tassyklaýan resminama bilen häkimligiň degişli bölümine ýüz tutmaly. Welaýat häkimliginden ýollamanamalaryň diňe Awazadaky «Lebap» dynç alyş we sagaldyş merkezine berilýär. Ýollamanama syýahatçylyk zolagyna gidilmezinden 10 gün öň berilýär.
Şonuň ýaly-da, söhbetdeşlikde syýahatçylyk zolagyndaky ähli myhmanhanalardyr kottejler, ýahta toplumlary diňe öz pudagyndaky işgärlerden başga-da, ýurduň beýleki raýatlaryna hem ýollamanamalary berip bilýändigi aýdylýar. Ýollamanamany myhmanhananyň özünden ýa-da onuň degişli ministrligiň raýatyň ýaşaýan ýerindäki edarasyndan alyp bolýandygy aýdylýar.
Lukman syýahatçylyk zolagynda dynç almagyň Tertibine laýyklykda her bir adama koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyň edilmegi hökmanydygyny ýatladýar. Ony her adamyň ýaşaýan salgysy boýunça berkidilen sanjym nokadynda, şonuň ýaly-da welaýat merkezinde ýerleşýän nokatda alyp bolýandygy, ýöne sanjymyň birinji tapgyryny Türkmenabatdaky nokatda alan raýatyň 21 günden soňra ikinji tapgyry hem hut şol ýerden almalydygy okyjylaryň dykgatyna ýetirilýär. Hünärmeniň aýtmagyna görä, dynç alyş döwri üçin ilkinji sanjym hem ýeterlikdir. Birinji sanjym urlandan soň, raýata bu babatda ýörite resminama berilýär. Şol resminama Awazada dynç almagyň indiki tapgyrlarynda, hatda zolagyň gözegçilik nokadynda we myhmanhanada hem görkezilmäge degişlidir.
Raýat sanjym nokadyna gelenden soň, immunolog lukmanlar tarapyndan olaryň gyzgyny, gan basyşy, ýürek urgusy barlanylýar. Waksina şol lukmanyň rugsady bilen urulýar, diýip Gülşat Hatamowa habarçynyň soragyna jogap berýär.
Çagalar üçin ýollamanama degişli saglyk öýünden alynýar. Koronawirus pandemiýasynyň garşysyna sanjymyň diňe 18 ýaşdan ululara edilýändigini bellenilýär. Şypahana ýa-da çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezine gidýän raýatlaryň hem 72 sagat öň «COVID-19» barlagyndan geçmegi gerekdir. Şol barlagyň netijesi talap edilýän resminamalaryň sanawyna goşulýar.
Awazada dynç aljak adamlar hem syýahatçylyk zolagyna ugramazdan öň COVID-19 barlagyndan geçmeli. Şondan 72 sagat geçýänçä, zolaga barmalydyr. Şeýlelikde, ol barlagdan Awaza ugralmazyndan birki gün öň geçip biler. Bu barlag welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynda, otluda gitjek ildeşlerimize bolsa Türkmenabat demirýol menzilinde alnyp barylýar.
Şonuň ýaly-da lukman, bellenilen ýerleriň ählisinde agyz-burun örtügini dakynyp gezmegiň, töwerekdäkiler bilen kesgitlenilen aralygy saklamagyň, şahsy arassaçylyk talaplaryny berjaý etmegiň, wagtlaýyn bolýan ýerlerinde lukmanlaryň we beýleki işgärleriň bu kadalar bilen bagly ähli talaplaryna gyşarnyksyz eýermegiň hökmanydygyny ýatladýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply