TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy

6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler.

Onda ähli taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläkde pugtalandyrmak, häzirki döwürde ýüze meseleleri çözmek,  Merkezi Aziýa ýurtlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek, sebitiň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, halkara dostlugy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly we başga-da birnäçe meseleler boýunça pikir alşarlar.

Şol gün sebit ähmiýetli çäreleriň ýene-de birnäçesi geçiriler. Sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly guralar. Şonuň ýaly-da sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: