JEMGYÝET

Awaza döwlet elektrik bekedinde 108 göterim ösüş depgini gazanyldy

Awaza döwlet elektrik bekediniň zähmet toparlary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny hem-de Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylaryny, şeýle-de edara-kärhanalary elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün etmekde uly işleri bitirýärler. Bu desgada diňe bir şu ýylyň geçen üç aýynda 262 million kilowat-sagada golaý elektrik energiýasy öndürilip, meýilnama 105 göterim amal edildi.

Dünýä ülňülerine we daşky gurşawy gorap saklamagyň berk talaplaryna laýyk gurlan bu kuwwatly beketde şu ýylyň birinji çärýeginde gazanylan ösüş depgininiň 108 göterime barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: