«Aurora-CoV» — täze rus sanjymynyň brendi
«Вектор» Döwlet wirusologiýa we biotehnologiýa ylmy merkeziniň «ЭпиВакКорона-Н» sanjymyny «Aurora-CoV» brendi bilen hasaba alarlar, diýip «rambler.ru» habar berýär.Rospatent «Aurora-CoV» haryt belligini bellige almagy karar etdi. Edaranyň habarnamasyndan «Aurora-CoV» haryt belgisiniň häzirki wagtda kliniki synagdan geçirilýän «ЭпиВакКорона» sanjymynyň täze nesliniň — «ЭпиВакКорона-Н» sanjymynyň ady hökmünde ulanmaklygyň göz öňünde tutulýandygyny barada aýdylýar.Patent alnan önümiň haryt belgisiniň bellige alynmagy ony rus we daşary ýurt bazarlarynda öňe sürülmegine uly artykmaçlyklary berýär, diýip edaranyň wekili aýtdy.